Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berdi. Hatda bellenilişi ýaly, Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah köp ýyllaryň dowamynda dürli wezipelerde işlemek bilen, Kuweýt Döwletiniň ösmegine uly goşant goşdy. «Goý, Gudraty güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk hem-de sabyrlylyk bersin» diýip, Gahryman Arkadag dileg etdi we merhumyň maşgala agzalaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir