27-nji dekabrda türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, sport, medeniýet, senagat, oba hojalygy we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanan üstünliklerini görkezýän ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Bu barada TDH habar berýär. Forumyň dowamynda, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri üçin berlen güwänamalaryny gowşurmak üçin resmi dabara bolar. Bu barada 15-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowa tabşyryk berdi. Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy. Foruma we köp ugurly sergä ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýan ýaş nesliň wekilleri gatnaşarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir