16-17-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki, dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de söwda we senagat ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumyny içine alýan meseleleriň ençemesine seredildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň häzirki ýagdaýy, Owganystanyň demir ýol infrastrukturasynyň giňeldilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, daşary işler ministrleri we iki döwletiň wekiliýetleriniň agzalary türkmen hem-de owgan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurluşygy alnyp barylýan energetika, ulag taslamalaryna baryp gördüler diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir