Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar. Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna karbamidi («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma senagaty önümleri, nah ýüplük we mata, pagta süýümi, gaýtadan dikeldilen süýüm, pagta egriji hem-de senagat önümçiliginiň dürli görnüşli galyndylary ýerlenildi. Habarda bellenilişi ýaly, geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million 105 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýerli işewürler içerki bazar üçin bahasy 220 million manada golaý bolan tehniki ýody («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), polipropileni, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), elde dokalan halylary, nah ýüplügi we beýlekileri satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir