Dünýäde köpçülikleýin öndürilen ilkinji emeli roždestwo agaçlarynyň biri Angliýada auksiona çykaryldy. Bu ýasama agaç 1920-nji ýylda alty teňňä satyn alnan bolsa-da, bu günki günde 3400 funt sterlinge satyldy diýip, “The Guardian” neşirine salgylanýan MIR 24 habar berýär. Boýy 79 santimetr bolan bu agajyň 25 şahasy, 12 miwesi we alty sany kiçijik şemjagazy bar. Ol bezeg nyşany bilen bezelen gyzyl agaç böleginiň üstünde oturdyldy. Agajyň ilkinji eýesi sekiz ýaşly Doroti Grant bolup, ol ony 101 ýaşynda ýogalýança bezäp gelipdir. 2014-nji ýylda bolsa bu arça Dorotiniň gyzy, 84 ýaşly Şirli Holla miras galypdyr. Şirli ejesiniň hatyrasyny hormatlamak hem-de maşgala mirasdarlygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin 103 ýaşyndaky arçany satmak kararyna geldi. Aslynda, bu ýasama agajyň 60 — 80 funt sterlinge satylmagyna garaşylýardy, netijede bolsa onuň auksiondaky bahasy 3411 funt sterlinge çenli baryp ýetdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir