Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda soňky ýyllarda Kataryň döwlet gurluşyny berkitmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda uly netijeleri gazanandygyny belläp, iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, asylly işinde üstünlikleri, Katar Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir