Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024/2025-nji okuw ýy­ly üçin Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi (ba­ka­lawr) mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça, 2024/2025-nji okuw ýy­ly üçin Weng­ri­ýa­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi (ba­ka­lawr) mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça se­çip alyş işi­ni ge­çir­ýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iň­lis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 3 — 10-njy ýanwary aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär. Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 3 — 10-njy ýanwary aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär. Hünärleriň sanawy, ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary resminamalary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir