«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy üçin işleriň gyşky gyzgalaňly möwsümi başlady. Bu döwürde ýurduň ähli poçta bölümleri Täze ýyl sowgatlyklaryny «gapydan gapa» eltip bermek bilen, hemmeleriň halaýan baýramynda raýatlara baýramçylyk şatlygyny paýlaýarlar. Türkmenistanlylar «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanmak bilen, sowgatlaryny öz wagtynda hem-de ýurduň islendik ýerine bökdençsiz ugradyp bilerler. Çapary öýüňe, şeýle-de iş ýeriňe çagyryp bolýar. Sargydy bolsa kompaniýanyň saýtyndan, ýa bolmasa-da (+993 12) 92 14 95 telefon belgisine jaň etmek arkaly resmileşdirmeli. Şeýle hem, bu maksatlar üçin Türkmenistanyň islendik bank kartlaryndan ähli tölegleri awtomatiki usulda amala aşyryp bolýan «Çapar» mobil goşundysyny ulanyp bolýar. Mundan başga-da, «Çapar» ýollamanyň iberilişini yzarlamak mümkinçiligini ýetirýär, web saýtda türkmen, rus we iňlis dillerinde bar bolan zerur maglumatlar bolsa müşderiler üçin iň amatlylygy üpjün edýär. «Çapar» goşundysyny «Google Play» we «App Store» internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir