Russiýa Federasiýasynyň «FESCO» ulag-logistika kompaniýasy hem-de Özbegistan Demirýollary kompaniýasy Türkmenistanyň çägi arkaly Türkiýä, Afrika we Ortaýer deňziniň kenaryndaky ýurtlara täze üstaşyr ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar. Bu babatda «FESCO» kompaniýasynyň intermodal hyzmatlary ulanylar. «Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň öz saýtynda FESCO kompaniýasyna salgylanyp, habar bermegine görä, degişli ylalaşyk «FESCO» kompaniýasynyň Direktorlar Geňeşiniň başlygy Andreý Sewerilow bilen Özbegistan Demirýollary kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Abdulmalik Kamiljanowyň hem-de «Uzželdorkonteýner» AGPJ-niň müdiriýetiniň başlygy Akmal Kamalowyň arasyndaky Daşkentde geçirilen duşuşykda gazanyldy. Mundan başga-da, şol duşuşykda Daşkent bilen Moskwanyň arasynda göni konteýner gatnawyny ýola goýmak barada karar kabul edildi. Çeşmäniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde logistika hyzmatlaryny ösdürmek üçin 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanda «FESCO TURAN» golçur kärhanasy açyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir