Prezident Serdar Berdimuhamedowyň nebit-gaz we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine iberen Gutlagynda Türkmenistanda tebigy gazyň gaýtadan işlenmegine we dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleriň öndürilmegine uly üns berilýändigi bellenýär. Muny soňky ýyllarda birnäçe döwrebap gaz-himiýa toplumlarynyň gurlup, ulanylyşa berilmegi-de tassyklaýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, 15-nji dekabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda geçirilen «Nebit we gaz senagaty – milli ykdysadyýetiň esasy pudagy» atly ylmy maslahatda ýurduň baý uglewodorod gorlaryny innowasiýa we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanyp, gaýtadan işleýän täze önümçilik desgalaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Habarda bellenilişi ýaly, bu çärä Himiýa institutynyň alymlary we aspirantlary bilen bir hatarda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri-de gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşanlaryň çykyşlarynda Himiýa institutynda ýurduň mineral, gidromineral, uglewodorod we beýleki tebigy baýlyklaryny gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny ösdürmek boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri beýan edildi. Işleýän önümçilikleri ýerli çig mal bilen üpjün etmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän tehnologiýalary kämilleşdirmek, serişdeleri tygşytlamak, önümçiligiň netijeliligini we ulanylýan hem täzeden açylýan nebitdir gaz ýataklaryndan alynýan nebitden, gazdan, şeýle hem gaz kondensatyndan öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, gazanylan üstünlikler we geljekdäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir