13 — 16-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýet Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Awiasiýa häkimýetleriniň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi we onuň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi. Şeýle hem agzalan saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň agzalary bilen bilelikdäki duşuşygy, Ýaponiýanyň hökümet edaralary, guramalary we maliýe institutlary, şeýle hem ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyklaryň dowamynda türkmen wekiliýeti ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we energiýa pudagynda, şol sanda uglerodyň bitaraplygyny gazanmak ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Saparyň dowamynda birnäçe resminama gol çekildi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir