Russiýa Federasiýasyndaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş wekilligi resmi web sahypasynda ýolagçylaryň Moskwa — Aşgabat — Bangkok we Kazan — Aşgabat — Bangkok gatnawlaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly ýygy-ýygydan berýän sowallaryna jogaplary çap etdi. Olar bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz. Resmi web sahypasynda bellenilişi ýaly, Bangkoga uçmak üçin ýolagçylaryň PCR synagyndan geçmeginiň zerurlygy ýok. Mundan başga-da, Aşgabat howa menziliniň üstaşyr meýdançasynda ýolagçylar üçin restoran, dükan we iş otagy bar. Neşiriň bellemegine görä, Aşgabat halkara howa menzili dünýädäki iň amatly üstaşyr howa menzillerinden biridir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir