Mercedes-Benz we meşhur arap öndürijisi Binghatti Properties bilelikdäki taslamasyny yglan etdi. Mercedes-Benz-iň ýörite döredilen bölümi Mercedes-Benz Places diýlip atlandyrylýan 65 gatly kaşaň markaly gökdirän binanyň döredilişine gatnaşar. Minara nemes awtoulag öndürijisiniň bu işde ilkinji tejribesi bolar we 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ilkinji gurply ýaşaýjylaryny kabul etmäge taýyn bolar diýip, Arabian Business habar berýär. Gökdirän binanyň boýy 341 metre ýeter we ilkinji eskizinden çen tutsaň, daşky dizaýny Mercedes-Benz-iň nyşanlaryny ulanyp bezeler. Bina Dubaýyň merkezi böleginde ýerleşer. Mercedes-Benz Places terrasaly, howuzly we megapolisiň esasy gözel ýerlerine bakýan, sany gaty çäkli rezidensiýalardan ybarat bolar. Mundan başga-da, “akylly öý” tehnologiýalary we beýleki intellektual çözgütler wada berilýär. Gökdirän binanyň konsepsiýasynyň awtoulag öndüriji bilen işläp düzüjiniň arasynda bir ýyl töweregi ara alnyp maslahatlaşylandygy öňe sürülýär. Taslama barada jikme-jik maglumatlaryň 24-nji ýanwarda aýan ediljekdigi aýdylýar. Deslapky maglumatlara görä, gozgalmaýan emlägiň her öýi 8,8 million dirhemden 79 million dirhem aralygynda (2,4 milliondan dollardan 21,5 million dollar aralygynda) bahalandyrylar.