Iň soňky «Chrysler 300C» sedany Kanadanyň Brampton şäherindäki zawodyň konweýerinden çykdy. Bu barada «Stellantis» konserninde habar berýärler. Modeliň önümçiliginiň tamamlanmagynyň şanyna, «Chrysler» çäkli sanda kuwwaty 485 at güýji bolan 6,4 litrlik «Hemi V8» hereketlendirijisi oturdylan «300C» çykardy. Bu awtoulag jemi 2,2 müň nusgada öndürildi. Bu sedan sagatda 96 km tizlige 4,3 sekuntda ýetip bilýär we 12,4 sekuntda çärýek mil aralygy geçip bilýär. Birinji nesil «Chrysler 300» (bazara baglylykda «300C») 2005-nji ýylda çykdy; ikinji we soňky nesil sedanlar 2011-nji ýyldan bäri öndürilýär. Esasy nusgasynyň bahasy 36 müň dollar. «300C-niň» önümçiligi tamamlanandan soň ABŞ-da «Chrysler» liniýasynda ýeke-täk ulag mpdeli – «Pacifica» miniweni (38 müň dollardan) galdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir