Hüjümçiler «Al-Nasrdan» Kriştianu Ronaldu, «Inter Maýamiden» Lionel Messi, «PSŽ-den» Kilian Mbappe we «Mançester Sitiden» Erling Holand «Globe Soccer Awards-yň» wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgärlige hödürlendiler diýip, bu baýragyň «X» sosial ulgamyndaky resmi hasabynda habar berilýär. Baýrak gowşurylyş dabarasy 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Dubaýda geçiriler. Bu baýragyň häzirki eýesi fransuz Karim Benzemadyr. Şeýle hem Jud Bellingem we Winisius Žunior (ikisi hem «Real Madrid»), Kewin De Breýne we Bernardu Silwa (ikisi hem «Mançester Siti»), Karim Benzema («Al-Ittihad»), Wiktor Osimhen («Napoli») we Mohamed Salah («Liwerpul») ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyny almak ugrunda bäsleşerler. «Globe Soccer Awards» Ýewropa futbol klublary assosiasiýasy tarapyndan guralýar. Bu baýrak 2010-njy ýyldan bäri gowşurylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir