Apple kompaniýasy Ýewropada we ABŞ-da enjamyňy özbaşdak abatlamak programmasynyň giňeldilendigini habar berdi. Indi iPhone 15 seriýaly ähli modelleriň we Apple M2 çipleri bolan Mac kompýuterleriniň, şol sanda 14 we 16 dýuýmlyk MacBook Pro-nyň, 15 dýuýmlyk MacBook Air-niň, Mac mini-niň, Mac Pro-nyň we Mac Studio-nyň ulanyjylary enjamlaryny özleri bejerip bilerler. Şeýle hem, Apple özbaşdak abatlaýyş işleriniň häzirki wagtda Horwatiýa, Daniýa, Gresiýa, Niderlandlar, Portugaliýa we Şweýsariýa ýaly, ýene 24 sany Ýewropa ýurtlarynda ulanyjylar üçin elýeterlidigini mälim etdi. Şunuň bilen birlikde Self Service Repair häzirki wagtda 33 ýurtda we 24 dilde Apple-iň 35 sany önümini öz içine alýar. Mundan başga-da, iPhone-y we Mac-y özbaşdak diagnostika etmek üçin Apple Diagnostics hyzmaty ABŞ-da elýeterli boldy we 2024-nji ýylda Ýewropada satuwa çykarylar. Ozal Apple Diagnostics-e diňe ygtyýarly hyzmat merkezleri girip bilýärdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir