2023/2024 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 6-njy tapgyr oýny tamamlandy we onuň netijesinde ýaryşyň pleý-offuna 16 gatnaşyjynyň ählisi belli boldy. Öz toparçalaryndan birinji orunlardan 1/8 finala “Bawariýa”, “Arsenal”, “Real”, “Real Sosýedad”, “Atletiko”, Dortmundyň “Borussiýasy”, “Mançester Siti” we “Barselona” çykdy. Ikinji orunlardan pleý-off tapgyryna “Kopengagen”, PSW, “Napoli”, “Inter”, “Lasio”, “PSŽ”, “Leýpsig” we “Portu” çykdy. Şeýlelik bilen, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda, esasan, Ispaniýanyň toparlary agdyklyk eder (“Barselona”, “Real”, “Atletiko”, “Real Sosýedad”). Bu tapgyrda üç wekil Italiýadan (“Napoli”, “Inter”, “Lasio”) we Germaniýadan (“Bawariýa”, Dortmundyň “Borussiýasy”, “Leýpsig”), iki wekil Angliýadan (“Mançester Siti”, “Arsenal”), bir wekil Portugaliýadan, Niderlandlardan, Fransiýadan we Daniýadandyr. Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişigi duşenbe güni, 18-nji dekabrda bolar. Düzgüne görä, pleý-offuň birinji tapgyrynda bir assosiasiýadan bolan, şeýle-de bir toparçada oýnan toparlar duşuşmaz. 1/8 final oýunlary 2024-nji ýylyň 13-14-nji, 20-21-nji fewralyna we 5-6-njy, 12-13-nji martyna meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir