Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) 2023-nji ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýraga dalaşgärleriň atlaryny yglan etdi. Sanawa Hosep Gwardiola (“Mançester Siti”), Simone Indzagi (“Inter”) we Luçano Spalletti (“Napoli”, Italiýanyň milli ýygyndysy) girdi diýip, championat.com habar berýär. Ýatlap geçsek, Gwardiola geçen möwsümde “Mançester Sitini” birbada üç ýaryşda – Çempionlar ligasynda, Angliýanyň Premýer-ligasynda we Angliýanyň Kubogynda ýeňşe getirdi. Indzagi “Inter” bilen Italiýanyň Kubogynda ýeňiş gazandy we Milanyň toparyny Çempionlar ligasynyň finalyna çykardy. Spalletti, öz gezeginde, “Napolä” 33 ýylda ilkinji skudettony gazanmaga kömek etdi. Şondan soň 64 ýaşly hünärmen Italiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy, onuň bilen Ýewro-2024-üň final bölegine çykdy. Nominasiýanyň ýeňijisi 15-nji ýanwarda, duşenbe güni geçiriljek The Best baýrak gowşurylyş dabarasynda yglan ediler. Geçen ýyl Argentinanyň milli ýygyndysynyň halypasy Lionel Skaloni ýylyň tälimçisi boldy. Ol topary 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda ýeňşe getiripdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir