ABŞ-nyň Milli geňeşi Kongresiň kitaphanasyna täze filmleriň goşulandygyny yglan etdi. Şu ýyl Golliwudyň birbada 25 filmi ABŞ-nyň Milli sanawyna girizilip, ýurduň medeni gymmatlygy hökmünde ykrar edildi diýip, championat.com habar berýär. Sanawa “Hanym we ykmanda”, “Ýeke özi öýde”, “Terminator 2: Kyýamat güni” we “Apollon 13” ýaly meşhur filmler hem girdi. Häzirkizaman filmlerinden kitaphana “12 ýyl gulçulykda” we “Şöhratdan iki ädim uzakda” girdi. Häzirki wagtda sanawda jemi 875 film bar. Mundan başga-da, 2023-nji ýylda ABŞ-nyň Milli sanawyna girizilen filmleriň hatarynda “Filmland-a syýahat” (1921), “Ýeňilmedik” (1954), “Biz diri” (1974), “Kanundan daşary” (1977), “Şöhrat” (1980), “Roždestwonyň öňündäki elhençlik” (1993), “Söýgi we basketbol” (2000) ýaly filmler bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir