Häzirki wagta çenli “Mançester Ýunaýted” ähli ýaryşlarda 24 oýna gatnaşdy we olaryň 12-si ýeňliş bilen tamamlandy. Soňky oýunda Erik ten Hagyň topary “Old Trafford” stadionynda “Bawariýadan” 0:1 hasabynda utuldy. Şol bir wagtyň özünde, “Mançester Ýunaýted” 24 oýundan diňe bir oýny deňme-deň oýnady – “Galatasaraý” bilen oýun 3:3 hasabynda tamamlandy. Öýünde “Bawariýadan” utulmak bilen (1:0), “MÝ” Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryny soňky orunda tamamlady. Klub Angliýanyň Premýer-ligasynyň jedwelinde altynjy orny eýeleýär. Angliýanyň ligasynyň kubogyndan “Mançester Ýunaýted” “Nýukasldan” 0:3 hasabynda utulandan soň çykdy. Şeýlelik bilen, häzirki möwsümde “Mançester Ýunaýted” iki ýaryşda oýnamagy dowam etdirýär: APL we Angliýanyň Kubogy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir