Amerikaly milliarder Ilon Mask ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäherinde tehniki uniwersitet açmagy meýilleşdirýär. Report agentliginiň bellemegine görä, bu barada Maskyň The Foundation haýyr-sahawat guramasynyň salgyt deklarasiýasyna salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär. “Pandemiýa döwründe Tehasa göçüp gelen Ilon Mask Ostinde uniwersitet açmagy meýilleşdirýär” – diýip, agentlik ýazýar. Bellenilişi ýaly, Maskyň, takmynan, 100 mln dollar maýa goýan bilim toplumy tehniki derslere gönükdirilen başlangyç we orta mekdepleri öz içine alar. Açylyşdan soň bilim işini ýokary derejeli bilime ýöriteleşýän uniwersiteti döretmäge çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. Mekdebiň we uniwersitetiň çen bilen açyljak senesi yglan edilmedi, ýöne toplumyň açylyşy üçin arza 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda tabşyryldy we 2023-nji ýylyň mart aýynda tassyklandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir