Türkiýäniň iň ilatly şäheri bolan Stambulyň häkimiýeti ulag dyknyşyklaryna we howanyň hapalanmagyna garşy göreşiň çäklerinde hususy awtomobilleriň şäheriň taryhy merkezine girmegi üçin töleg girizmegi meýilleşdirýär. Şeýle maglumat “Stambulyň şäher hereketiniň durnukly ösüş meýilnamasyndan” (SKUP) gelip çykýar diýip, RIA Nowosti ýazýar. Resminamanyň bir nusgasy agentligiň ygtyýarynda bar. Meýilnama görä, şäher häkimiýeti şäheri karbonsyzlaşdyrmak üçin 26 wezipäni kesgitledi we olardan ileri tutulýany demirýol transportyny we metro ulgamyny ösdürmekdir. Meýilnama laýyklykda, awtoulag eýeleri Eminýonýu gämi duralgasynyň sebitinde ýerleşýän kiosklarda taryhy merkeze girmek üçin tölemeli bolarlar. Tölegiň mukdary näbelli bolup galýar, ýöne bu pikiri durmuşa geçirmek üçin 3,4 mln dollardan gowrak pul gerek bolar. “Bu meýilnama stambullylaryň durmuşyny gowulandyrmagy, hususy awtomobilleriň ulanylyşyny azaltmagy we şäheriň ýaşaýjylaryny daşky gurşaw üçin zyýany az bolan ulag görnüşlerinden peýdalanmaga höweslendirmegi göz öňünde tutýar... Biz howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek we şäherde awtomobilleriň sanyny azaltmak üçin Stambulyň merkezi sebitlerinde uglerod zyňyndylarynyň pes bolan zolaklaryny dörederis” – diýip, şäheriň häkimi Ekrem Imamoglu aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir