23-nji dekabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçiriljek boks agşamynyň öňüsyrasynda britaniýaly agyr agramly söweşiji Entoni Joşua bilen amerikaly garşydaşy Deonteý Uaýlderiň arasynda köpden bäri garaşylýan söweşi bellemek barada pikir alyşmalar dowam edýär. SPN US ýaýlymynyň maglumatlaryna görä, Entoni Joşua bilen Deonteý Uaýlder söweşi 2024-nji ýylyň 9-njy martyna bellemek barada şertnama baglaşdy. Ol Saud Arabystanynda geçirilip bilner. Agyr agram derejesinde öňki çempionlar indiki söweşlerini Saud Arabystanynda 23-nji dekabrda geçirerler. Joşuanyň garşydaşy şwesiýaly Otto Wallin bolar, Uaýlder bolsa Jozef Parker bilen duşuşar. Bulardan başga-da, Dmitriý Biwol britaniýaly Lindon Artur bilen söweşer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir