Tesla kompaniýasy ABŞ-nyň ýollarynda ulanylýan 2 million ulagynyň hemmesini diýen ýaly yzyna çagyrýar. Yza çagyryş programmasy Awtoýol hereketiniň milli dolandyryş gullugy (NHTSA) awtopilot funksiýasynyň işledilen wagtyndaky 956 töweregi ýol-ulag heläkçiligini öwrenenden soň başlandy. Bu barada NHTSA tarapyndan çap edilen hatda aýdylýar. Autosteer (destiň awtomatiki dolandyrylyşy) funksiýasy bolan jemi 2 031 220 ulag yzyna çagyrylar: 2012-2023-nji ýyllarda öndürilen Tesla Model S; 2016-2023-nji ýyllarda öndürilen Tesla Model X; 2017-2023-nji ýyllarda öndürilen Tesla Model 3; 2020-2023-nji ýyllarda öndürilen Tesla Model Y. Kompaniýa “howa arkaly” mugt programma üpjünçiligini täzelemäge razy boldy. NHTSA hatynda käbir aşakda görkezilen ýagdaýlarda heläkçiligiň döremek howpunyň ýokary bolup biljekdigini belleýär: «Awtomatiki dest dolandyryşy işleýär, sürüji bolsa ulagyň işleýşini gözegçilikde saklamaýar we zerur bolanda goşulyşmaga taýyn däl, ýa-da awtomatiki dest öçürilenmi ýa-da işledilmedikmi wagtynda saýgaryp bilmeýär».