Şotlandiýadan, Germaniýadan we Şwesiýadan halkara alymlar topary ýokary derejede berk materiallary döretmekde öňegidişlik gazandy. Olar gatylygy boýunça diňe almazdan birneme pes bolan uglerod nitridlerini aldylar. Gözleg Advanced Materials (AdvMat) ylmy žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär. Toparyň açyşy heniz 1980-nji ýyllarda başlanan uglerod nitridleri bilen tejribeleriň netijesi boldy. Hünärmenler uglerodyň azot bilen birleşmesini 1500 °C-dan gowrak temperaturada 70-den 135 gigapaskala çenli basyşa (Ýeriň atmosfera basyşyndan 1 mln esse ýokary) sezewar etdiler. Alnan material ýaňy-ýakyna çenli Ýerde gatylygy boýunça almazdan soň ikinji material bolan kub görnüşli bor nitridinden has gaty boldy. Mundan başga-da, ýokary derejede gaty uglerod nitridleri fotolýuminessensiýa we ýokary energiýa saklaýyş dykyzlygy ýaly goşmaça häsiýetlere-de eýedir. Gözlegçileriň aýtmagyna görä, täze materiallary senagat maksatlary bilen, ýagny awtomobiller we kosmos gämileri üçin gorag örtüklerinde, Gün panellerinde, fotodetektorlarda we ýokary derejede berk kesiş gurallarynyň önümçiliginde ulanmak bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir