«Inter Maýaminiň» hüjümçisi Lionel Messi we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylda Google arkaly gözlenen türgenleriň ilkinji onlugyna goşulmady. Bu barada championat.com habar berýär. Bu sanawda birinji orny MFL-iň “Baffalo Bills” klubunyň (amerikan futboly) goragçysy Damar Hemlin eýeledi. Ikinji orunda “PSŽ” fransuz toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe ýerleşdi. Üçlügi “Kanzas-Siti Çifs” klubunyň (MFL) oýunçysy Trewis Kelsi jemledi. Dördünji orunda “Memfisiň” basketbolçysy Ja Morant bar. Bäşinji orny bolsa Mýunheniň “Bawariýasynyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Garri Keýn eýeledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir