Täze «Apple» smartfonynda dikligine ýerleşdirilen kamera bolar. Bu barada lenta.ru MacRumors neşirine salgylanyp habar berýär. Žurnalistler «iPhone 16» smartfonunyň irki prototiplerini aldylar. Bellenilmegine görä, «Apple» häzirki wagtda enjamyň aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan iki prototipini synagdan geçirýär. Iň ähtimal nusgada yzky kameralar dik blokda ýerleşdirilendir. Hünärmenleriň pikiriçe, bu prototip 2017-nji ýylda çykan «iPhone X» smartfonuny ýada salýar. Şeýle hem smartfonyň «iPhone 12-niň» dizaýnynda boljak görnüşi barlag edilýär – iki kamera obýektiwi häzirki modellerdäki ýaly diagonal şekilde däl-de, biri-biriniň üstünde ýerleşýär. Dizaýn baradaky bar bolan maglumatlara görä, telefonda «iPhone 15 Pro» we «15 Pro Max-daky» ýaly «Hereketler» düwmesi hem bolar. Şol bir wagtyň özünde, täze smartfon «iPhone 15-den» känbir tapawutlanmaz. 2024-nji ýylyň güýzünde tanyşdyrylmagy meýilleşdirilen enjam 6.1 dýuýmlyk OLED ekran, «Dynamic Island» ekrany kesimi we USB-C porty bilen üpjün ediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir