“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 24 gezek ýeňijisi, dünýäniň birinji raketkasy, serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç 2023-nji ýylda ITF-niň dünýä çempiony diýlip ykrar edildi. Jokowiç bu ada karýerasynda sekizinji gezek eýe boldy – bu erkekleriň arasynda rekorddyr diýip, championat.com habar berýär. Ýatlap geçsek, geçen möwsümde Jokowiç “Uly tuwulganyň” dört ýaryşynyň üçüsinde ýeňiş gazandy – Awstraliýanyň Açyk çempionatynda, “Rolan Garrosda” we US Open-de hem Jemleýji ýaryşda. Nowak möwsümi dünýäniň birinji raketkasy hökmünde tamamlady. Şeýle-de, Jokowiç “Wimbledonyň” finalyna çykdy we bu ýerde dünýäniň ikinji raketkasy Karlos Alkarasdan utuldy. Ýeri gelende bellesek, Jokowiç dünýä reýtinginiň başynda 400 hepde belliginden geçen ilkinji adam boldy. Zenan tennisinde hemmeden uzak wagtlap birinji raketka germaniýaly Şteffi Graf boldy – 377 hepde. Erkekleriň arasynda Nowakdan öň rekord eýesi şweýsariýaly Rojer Federerdi (310 hepde).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir