Güýçli gar Hytaýyň demirgazygyny basdy diýip, «24KZ» habar berýär. Netijede, jemgyýetçilik ulag gatnawynyň işinde kynçylyk döredi. Gar we taýgançaklyk sebäpli, uly ýollarda hereket çäklendirildi. Henan ülkesinde harasat sebäpli howplulygyň «gyzyl» derejesi yglan edildi. Hytaýyň şäherleriniň üçüsinde çagalar baglary we mekdepler ýapyldy. Pekinde awtobuslaryň 187 ugur boýunça gatnawlary ýatyryldy. Howa şertleri bilen baglylykda howa uçuşlarynyň 59-sy saklandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir