Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary ertir Täjigistanyň Kulýab şäheriniň «Rawşany» bilen geçirjek duşuşygynda meýdana gök köýnekçede çykarlar. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär. AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn böleginiň 6-njy tapgyrynyň çägindäki duşuşykda ýer eýeleri gyzyl köýnekçe geýer. Toparlaryň oýun lybasy şu gün geçirilen guramaçylyk maslahatynda belli boldy. Duşuşyk ertir Duşenbe şäherindäki Merkezi respublikan stadionynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-da başlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir