Şu gün Duşenbe şäherindäki (Täjigistan) «Rumi» myhmanhanasynda AFK-nyň kubogy ― 2023/24-iň toparçalaýyn böleginiň 6-njy tapgyryndaky «Rawşan» ― «Altyn asyr» duşuşygyndan ozal metbugat ýygnanyşygy geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär. «E» toparçanyň çäginde duşuşjak bäsdeş toparlaryň baş tälimçileriniň we futbolçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen metbugat ýygnanyşygynda «Altyn asyrdan» baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýew we goragçy Serdar Annamämmedow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Tälimçi we futbolçy öz teswirlerinde toparyň duşuşyga doly taýýardygyny aýdyp, Täjigistana diňe ýeňiş gazanmak maksady bilen gelendiklerini bellediler. Şeýle hem şu gün «Rawşanyň» baş tälimçisi Tohirjan Muminow bilen kapitan Holmurod Nazorow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Iki topar mundan ozal 5-nji oktýabrda Aşgabatda-da duşuşypdylar. Şol duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir