Marynyň «Merw» toparynyň futbolçylary ertir AFK-nyň kubogynyň 6-njy tapgyrynyň çäginde Gyrgyzystanda ýerli «Abdyş-Ata» topary bilen geçirjek duşuşygynda gök köýnekçede çykyş ederler. Duşuşykda öňde geçirilen guramaçylyk meseleleri bilen bagly maslahatda nygtalyşy ýaly, ýer eýeleri mämişi reňkli köýnekçe geýerler. Duşuşyk ertir Bişkek şäherindäki Dolen Omruzakow adyndaky stadionda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da başlanar. Iki topar 5-nji oktýabrda Aşgabatda-da duşuşypdylar. «Merw» AFK-nyň kubogynyň häzirki möwsüminde toparçanyň lideri «Abdyş-Atadan» utulmadyk ýeke-täk topardyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir