Marynyň «Merw» toparynyň futbolçylary ertir AFK-nyň kubogynyň 6-njy tapgyrynyň çäginde Gyrgyzystanda ýerli «Abdyş-Ata» topary bilen duşuşygyny galyň garyň gurşawynda geçirmeli bolarlar. «Janköýer» web saýtynda paýlaşylan suratlarda duşuşygyň geçiriljek ýeri bolan Bişkek şäheriniň Dolen Omruzakow adyndaky stadionynyň häzirki görnüşleri şöhlelendirilýär. Suratlardan görnüşi ýaly, gyşyň häzirki günlerinde ýagan gar tutuş stadiony büräpdir. Şeýle-de bolsa, guramaçylaryň duşuşygyň aladasyny edip, meýdany polietilen örtük bilen ýapandygy suratlardan görünýär. Gyşyň ýeňil bolmadyk şertleri ertir iki topar üçin hem kynçylyk döretse gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir