Türkmenistan Türk döwletleriniň guramasynda synçy döwlet bolmak bilen, türki dünýäsinde möhüm orun eýeleýär. Muny Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew ýurduň Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň hökümetine we türkmen halkyna iberen gutlag hatynda ýazdy. «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyga bolan üýtgewsiz ygrarlylygy konstruktiw hyzmatdaşlyk bilen sazlaşykda halkara jemgyýetçiligiň goldawyna mynasyp bolan türkmen daşary syýasatynyň üstünlik çelgisi bolup durýar» diýlip, hatda aýdylýar. 2023-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň dünýäniň 185 döwleti tarapyndan goldanylan karary bilen ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň 28 ýyllygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir