Türkmenistanda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG HABITAT) wekilhanasyny açmak meýilleşdirilýär. Degişli mesele 13-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG HABITAT) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol maslahatynda agzalyp geçildi. Türkmenistanyň daşary syýast edarasynyň resmi saýtynda habar berilmegine görä, maslahatyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG HABITAT-yň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa boýunça sebitleýin geňeşçisi K.Şefer, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda taraplar Türkmenistanda BMG HABITAT-yň wekilhanasyny açmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny döretmegiň wajyplygy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň BMG HABITAT bilen hyzmatdaşlygynyň ösüş häsiýeti eýedigini hem bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir