Ozal habar berşimiz ýaly, dekabr aýyny birinji ongünlüginde Gazagystany işewürlik wekiliýeti Türkmenistana dört günlük iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde «Astana» diplomatik klub tarapyndan guraldy. Gazak wekiliýeti saparyň çäklerinde Türkmenbaşy, Mary, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde bolup, birnäçe işewürlik duşuşyklaryny geçirdi. Saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda esasy üns ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmeklige gönükdirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaki Ulag we kommunikasiýalary agentliginde bolan duşuşykda iki ýurduň awtoulag, demir we deňiz ýollarynyň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmakda bilelikdäki tagallalary güýçlendirmeginiň zerurdygy nygtaldy. Gazak wekiliýetiniň agzalary türkmen kärdeşlerine Gazagystanyň Deňiz akademiýasynda ulag-aragatnaşyk pudagynda gözleg we seljermeler bilen meşgullanjak logistika merkezini döretmegiň meýilleşdirilýändigi barada mälim edip, onuň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge gönükdirilen logistika boýunça magistr maksatnamalaryny hem öz içine alýandygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Deňiz akademiýasynyň wekili türkmen tarapyny öz hünärmenlerini bu merkeze okuwa ibermäge we ylym pudagyndaky hyzmatdaşlyga çagyrdy. Şeýle-de, ylmy taslamalary bilelikde durmuşa geçirmegi teklip etdi. Mundan başga-da, gazak wekiliýetiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçiren duşuşygynda iki ýurduň hususy düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn goşant goşýandygy bellenildi. Şeýle-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, 2024-nji ýylda Aşgabatda gazak işewürleriniň gatnaşmagynda biznes forumy geçirmek barada ylalaşyldy. Şol bir wagtyň özünde Awaza milli syýahatçylyk zolagynda iki ýurduň sebitara biznes forumyny we sergisini geçirmek baradaky teklip öňe sürlüp, ol makullanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir