Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol topary AFK-nyň kubogynyň 6-njy tapgyrynyň çäginde Marynyň «Merwini» Bişkek şäherinde kabul eder. Bu barada «Sport.kg» elektron gazeti habar berdi. Çeşmäniň ýazyşy ýaly, duşuşyk gyrgyz paýtagtyndaky Dolen Omruzakow adyndaky stadionda geçirler. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da başlanar. Şeýle hem ertir Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde ýerli «Rawşan» Aşgabadyň «Altyn asyryny» kabul eder. Duşuşygyň sagat 19:00-da başlanjakdygyny ýatladýarys. Ertirki duşuşyklaryň toparçadaky ýagdaý üçin täsiri uly bolmaz. Çünki 5 duşuşykda 13 utuk toplan «Abdyş-Ata» eýýäm adyny pleý-off tapgyryna ýazdyrdy. 7 utukly «Altyn asyr» hem ikinji ornundaky ýerini berkitdi. Ertir diňe «Merw» bilen «Rawşan» garşydaşlaryny ýeňip, toparçanyň üçünji ornunyň eýesi bolmak üçin göreşerler. Ertirki duşuşyklar türkmen toparlarynyň AFK-nyň kubogyndaky iň soňky oýun güni bolar. Çünki ýaryş şu möwsümden soň ýatyrylyp, yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşy «AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2» diýlip atlandyrylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir