Bir gije-gündiziň dowamynda 1500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen ýangyç guýujy beketde degişli hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün edýän ähli zerur şertler döredilipdir. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işgärleriniň we hünärmenleriniň bilelikdäki zähmeti netijesinde gurlup ulanmaga berlen beketde awtoulaglara dürli görnüşli ýangyçlary guýmak hyzmaty bilen bir hatarda, ýangyç howpsuzlygy kadalaryny berk berjaý etmek üçin hem mümkinçilikler döredilipdir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, beketde awtoulaglara guýulýan ýangyjyň möçberi, ýerine ýetirilen işler boýunça hasabatlar, degişli seljermeler ýöriteleşdirilen enjamlar arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa işleriň talabalaýyk guralmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Ýangyç guýujy bekediň bina edilmeginde has tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Soňra täze beket awtoulaglara hyzmat edip başlady. Desganyň özboluşly binagärlik aýratynlygy, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, ýangyç guýujy enjamlaryň ýerleşdirilişi bu ýerde degişli hyzmatlaryň göwnejaý amala aşyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir