Türkiýäniň Stambul şäheriniň häkimligi hususy ulaglylar üçin şäheriň taryhy merkezine girişi tölegli etmekçi bolýarlar. Bu barada «RIA Nowosti» habarlar gullugy Stambuluň şäher gurşawynyň amatlylygyny durnukly ösdürmek maksatnamasyna (SKUP) salgylanyp habar berdi. Şäheriň häkimligi ulag dyknyşyklarydyr howanyň hapalanmagy bilen bagly meseleleri çözmäge umyt edýärler. «Şeýle zolagy döretmek boýunça synag taslamasyny Stambuluň taryhy ýarymadasynda (Soltanahmet etraby) ýola goýmak meýilleşdirilýär» diýip, resminamada bellenýär. Maksatnama laýyklykda, awtoulag eýeleri taryhy merkeze girmek üçin Eminemýu deňiz duralgalary etrabynda ýerleşdiriljek kiosklarda giriş tölegini tölemeli bolarlar. Tölegiň möçberi heniz belli däl. Şäheriň häkimi Ekrem Imamoglu çäräniň durmuşa geçirilmegi ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyny gowulandyrar diýip, gürrüň berdi. Şeýle etmek bilen, häkimiýetler ilaty has ekologik ulaglary peýdalanmaga höweslendirmek isleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir