Gyrgyzystanda ähli mekdep okuwçylary 13-nji dekabrdan başlap, güýçli aýazlar we epidemiologik ýagdaýyň ýitileşmegi sebäpli, uzak aralykdan bilim almaga başladylar. Bu barada «Report.az» neşiri ýurduň Bilim we ylym ministrligine salgylanyp habar berdi. Häzirlikçe, aýry sebitlerde girizilen bu okuwlaryň näçe gün dowam etjekdigi belli däl. Öňňin gije Bişkekde howa maglumaty gullugynyň maglumatlaryna görä, –22 gradus sowuk boldy. Golaý günlerde howa has-da sowar, käbir sebitlerde –28, hatda –36 dereje sowuk bolar diýlip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir