Çaphanada neşir edilen adaty kitaplar elektron neşirlere garanyňda, tekste has oňat düşünmek ukubyny gowulandyrýar. Muňa «Review of Educational Research (RER)» žurnalynda çap edilen ylmy-barlagyň netijeler güwä geçýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Alymlar 2000-2022-nji ýyllarda çap edilen ylmy makalalaryň 25-siniň maglumatlaryny seljerdiler, olara 30 ýurtdan 470 müň adam gatnaşdyrylypdyr. Hünärmenler olarda metbeçilik kitaplaryny okamagyň çagalaryň ýazgyda beýan edilenlere düşünmek ukubyny ýokarlandyrýandygyny belleýärler. Emma elektron enjamlarda okalanda, şeýle täsir hasaba alynmandyr. Başlangyç synp okuwçylary elektron kitaplary okap başlanlarynda, ýazylanlara düşünişi biraz ýaramazlaşypdyr. Alymlar mugalymlara we ene-atalara aýratyn hem kiçi ýaşly synplarda okaýan çagalary çap kitaplary köpräk okamaga höweslendirmegi maslahat berýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir