Internetde meşhur «Kung-fu Panda» multfilminiň dördünji bölüminiň tanyşdyryş sahnasy peýda boldy. Multfilm tomaşaçylar köpçüligine dolulygyna 2024-nji ýylyň 8-nji martynda ýetiriler diýip, Film.ru habar berýär. Filmiň baş gahrymany — indi Parahatçylyk Ülkesiniň ruhy baştutany hasap edilýän Po atly panda. Günlerde bir gün ol hemişelik «Aždarhanyň söweşijisi» bolup ýaşap bilmejekdigine göz ýetirýär we özüne mirasdüşeriň gözlegine çykýar. Şol wagt bolsa zalym Hameleon geçmişdäki gahrymanlary direldýär. Po öýüni goramak üçin ony saklamaly bolýar. Multfilmde ýene-de Jek Blek, Anjelina Joli, Jeki Çan, Lýusi Liu, Dastin Hoffman, Wiola Deýwis we Ke Hýu Kuan ýaly aktýorlaryň sesleri tomaşaçylara ýetiriler. «Kung Fu Panda» — «DreamWorks Animation» kompaniýasynyň taryhynda iň bir üstünlikli taslamalaryň biridir. Tapgyryň ilkinji üç filmi dünýä ýüzünde 1.8 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir