Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň Dostluk şäherinde «Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän täze zawodynyň açylyş dabarasy boldy. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge döwlet tarapyndan berilýän goldawlar we işewürlik başlangyçlary netijesinde mümkin boldy. 5 gektar meýdany tutýan kärhana dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Zawod ýylda 50 müň tonna gurluşyk garyndylaryny we 4 million inedördül metr gips kartonyny öndürmegi meýilleşdirýär. Önümler içerki bazarda ýerleniler, şeýle hem ýakyn we uzak ýurtlara eksport ediler. Kompaniýanyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagy eksportyň möçberlerini artdyrmaga we dünýäniň gurluşyk materiallary bazarynda Türkmenistanyň bäsdeşlige ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem täze kärhana sebitiň ýaşaýjylary üçin goşmaça iş orunlaryny döreder. «Ak Bulut» kompaniýasy 2015-nji ýylda esaslandyryldy. Ol akustiki we alýumin asma potoloklary, şeýle hem winil bilen örtülen gips potoloklary öndürýär. Häzirki wagtda kärhananyň kuwwaty ýylda 4 million inedördül metr asma potolok önümçiligine ýetdi. Mundan başga-da, ýylda 7 müň tonna sink çaýylan metal profilleri öndürilýär. Kompaniýanyň gurluşyk materiallary dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda giňden ulanylýar. Mysal üçin, «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde «Ak Bulut» kompaniýasynyň asma potoloklary we profil ulgamlary ulanyldy. Hojalyk jemgyýetiniň materiallary Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşygynda hem giňden peýdalanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir