Aşgabat şäher häkimliginiň habaryna görä, 15-nji dekabrda agşam «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň meýdançasynda oturdylan Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakylar. Şeýlelikde, bu çäre ýurtda Täze ýyl baýramçylygynyň başlanmagyny alamatlandyrar. Dabaradan soň, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky şäherlerde bezlen Täze ýyl arçalarynyň hem baýramçylyk yşyklary ýakylar. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherindäki Täze ýyl arçasy hem ilkinji gezek yşyklaryny ýakar. Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatdaky «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň meýdançasynda dikiljek Türkmenistanyň Baş arçasynyň beýikligi 44 metr bolar. Geçen ýylyň başynda Türkmenistan Baş arçasynyň beýikligi boýunça GDA ýurtlarynda öňdeligi eýeläpdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir