Türkmenistanly türgen Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça Doha şäherinde geçirilen Gran-pri II turnirinde altyn medala mynasyp boldy. Bu ýaryş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyry bolup durýar. Anamjan Rustamowa ýaryşda 87 kilograma çenli agram derejede çykyş etdi. Bu agram derejesinde 7 ýurda wekilçilik edýän 8 türgen medallar üçin göreş alyp bardy. Anamjan Rustamowa ştangany silterläp götermekde 105 kilogram, itekläp götermekde 126 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 231 kilogram netije bilen kümüş medalyň eýesi boldy. Altyn we bürünç medallar ermenistanly agyr atletikaçylara nesip etdi. Has takygy, birinji orny 232 kilogram (106 + 126) netije görkezen Ripsim Hurşudýan, üçünji orny bolsa 230 kilogram (107 + 123) netije görkezen Tatew Akopýan eýeledi. Mundan ozal Dohadaky Gran-pri II turnirinde Şahzadbek Mätýakubowyň (96 kilograma çenli agram derejede) altyn, Bunýod Raşidowyň (67 kilograma çenli agram derejede) we Gaýgysyz Töräýewyň (81 kilograma çenli agram derejede) bolsa bürünç medala eýe çykandyklaryny habar beripdik. Halkara agyr atletika federasiýasynyň Doha şäherinde geçirilýän Gran-pri turniri 14-nji dekabrda tamamlanar. Şu gün 109 kilogramdan ýokary agram derejede türkmenistanly Hojamuhammet Toýçyýew ýaryşa gatnaşar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir