Russiýada howa uçuşlary bilen bagly heläkçilikli hadysalar tamamlanyp barýan ýylda azaldy diýip, ýurduň «Rosawiasiýa» edarasy habar berdi. Ýylyň başyndan bäri awiasiýa ulaglarynda hadysalaryň 670-si hasaba alyndy, bu geçen ýyldakydan 1,3 göterim azdyr. Raýat awiasiýasynyň taryhynda bäş sany mejbury gonuşlar hasaba alyndy diýip, «MIR 24» ýazýar. Şunda awiatehnikanyň we hereketlendirijileriň näsazlygy bilen bagly 440 waka boldy we bu 2022-nji ýyldakydan 2 göterim azdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir