11-12-nji dekabrda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýokary derejeli «Adam hukuklary 75» çärelerine gatnaşdy. Çäreler BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan guraldy diýip, «nCa» internet portaly habar berdi. Şeýle-de, türkmen wekiliýeti «BDG» hökümete degişli bolmadyk guramasy we «INHR» täjirçilik däl guramasy, şeýle hem Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli adam hukuklary boýunça edaralary tarapyndan guralan ugurdaş çärä hem gatnaşdy. Adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli maslahat halkara guramalaryň ýokary derejeli işgärlerini, wekiliýetleriň we milli adam hukuklary boýunça edaralaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Maslahatyň açylyşynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Týurk gatnaşyjylary ählumumy adam hukuklary jarnamasynyň kabul edilmeginiň şanly senesi bilen gutlady. Çärä gatnaşan Türkmenistanyň Adalatçysy dünýä jemgyýetçiligine ýurduň gazananlary we adam hukuklarynyň we kanunyň hökmürowanlygynyň ösdürilmegine goşan goşandy barada maglumat berdi, şeýle hem «Adam hukuklary 75» çäreleriniň çägindäki hem-de Adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynyň kadalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermekde Türkmenistanyň borçlaryny yglan etdi. Hususan-da, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýaşlar syýasatyny güýçlendirmek, adam hukuklaryny üpjün etmek üçin daşky gurşaw çemeleşmelerini ösdürmek, Türkmenistanda raýatsyzlygy ýok etmek ýaly borçnamalar beýan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir