Bosniýa we Gersogowinanyň paýtagty Saraýewo dünýäniň iň hapa howaly şäherleriniň reýtinginde eýýäm ikinji hepdedir öňdäki orny eýeleýär diýip, «24KZ» habar berýär. Hünärmenler munuň sebäbini öý hojalykçylaryň gaty ýangyjy ulanmagy we awtoulaglaryň çykarýan gazlary bilen baglaýarlar. Häkimiýetleriň Saraýewony 2035-nji ýyla çenli uglerodsyz etmek barada tagallalaryna garamazdan, durmuşyň nyrhynyň gymmatlamagy adamlary öýlerini arzan ýangyç bilen ýylatmaga we köne awtoulaglardan peýdalanmaga mejbur edýär. Lukmanlaryň sözlerine görä, owunjak gaty bölejikleriň dem alyş agzalaryna täsiri saglyk üçin çynlakaý howp salýar. Netijede, öýken-dem alyş ýollarynyň kesellerine ýolugýanlar köpelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir