15-nji dekabrda Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023» bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurduň ýaş estrada aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň şu ýyl geçiriljek jemleýji tapgyryna ýaş estrada aýdymçylaryň 10-sy gatnaşar. Ýylyň dowamynda eminler toparynyň hem-de «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda, «Owaz» radioýaýlymynda halk köpçüliginden köp SMS habarnamasy gelen aýdymçylaryň 10-synyň atlary yglan edildi. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýaş estrada aýdymçylar Perhat Öräýew, Şatlyk Gurbannazarow, Leýli Mämmedowa, Bahar Annaýewa, Batyr Muhammedow, Annaberdi Orazmämmedow, Aýjemal Jumanyýazowa, Han Pälwanow, Selbi Kakanowa, şeýle-de Ýegenmyrat Ýegenow dagy çykyş edip, öz başarnyklaryny görkezerler. Türkmenistanda ýola goýlan sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda türkmenistanlylar özleriniň söýgüli aýdymçylaryna 0500 gysga belginiň üsti bilen öz seslerini berip bilerler. Halk köpçüliginden geljek SMS habarnamalary bäsleşigiň jemlenýän pursatyna çenli hasaba alnar. «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň ilkinji ýeňijisi Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewadyr. Bäsleşigiň geçen 2022-nji ýyldaky ýeňijisi bolsa Rüstem Hallyýewdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir