Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji fabriginde on bir aýlyk tabşyryk 120%-den gowrak ýerine ýetirildi. Bu barada Dokma senagaty ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Daşoguz pagta egriji fabriginde öndürilýän ýüplük haryt-çig mal biržasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Italiýa, Hindistana, Türkiýä we başga-da ençeme ýurtlara eksport edilýär. Muňa kompaniýanyň şertnamalaýyn borçnamalarynyň öz wagtynda ýerine ýetirmegi we öndürilýän pagta ýüplüginiň hiliniň ýokarylygy ýardam edýär. «Fabrigiň ýöriteleşen «Ring» belgili pagta ýüplügine, esasan, dokma önümçiliginde isleg bildirilýär. Daşoguzyň fabrigi ýylda ýerli tebigy ösümlik çig maldan öndürilýän 14,5 müň tonna berk we ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmäge niýetlenendir. Kärhana dünýä ölçeglerine laýyk gelýän pagta ýüplügini öndürmäge mümkinçilik berýän Italiýanyň öňdebaryjy «Marzoli», «Savio», «Loptex» kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr» diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir